WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň şeýle-de talyplaryň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Welosipedli ýöriş Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasyndan badalga alyp, Badalgada, Pellehanada, Balkan welaýatynyň baş baýdak meýdançasynda, Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň meýdançasynda talyp ýaşlaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.

Welosipedli ýörişiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda we ony berkitmekde, raýatlarymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar