Şu günler il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzyň ähli künjeginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirildi. Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň işläp taýýarlamagynda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasy esasynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Alym, Lukman Arkadagymyzyň ýola goýan işlerini döwrebap dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilip, raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy babatdaky aladalar döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Munuň üçin çykyş edenleriň her biri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.