RÖWŞEN GELJEGIŇ ALADASYNDA

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Bütindünýä Saglyk güni» mynasybetli tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa welaýat kitaphananyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hünärmeni, şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sporta gyzyklanma, sport çäreleri ähli welaýatlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. “Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar, diýip uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI