ÝAŞ ÝANGYN SÖNDÜRIJILER BÄSLEŞDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki sport toplumynda  ýurdumyzyň ýaş ýangyn söndürijileriniň arasynda yglan edilen ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Ösüp gelýän ýaş nesliň geljekde durmuşa taýýar düşünjeli adamlar bolup ýetişmegini, olaryň ýangyn howpy boýunça düşünjesiniň artmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Guramaçylykly geçen bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda okuwçy ýaşlar 100 metrlik päsgelçilikli aralygy ylgap geçdiler, ikinji şert esasynda 400 metrlik päsgelçilikden geçip, ýanyp duran ody öçürmek boýunça başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşikde Babadaýhan etrabyndan gelen mekdep okuwçylary birinji orny eýeläp, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň diplomy we Kubogy bilen sylaglandy, şeýle-de döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde Sarahs etrabynyň topary ikinji orna, Gökdepe etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Güljemal ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar