Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan maldarçylykda jogapkärli möwsüm bolan dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde tapawutlanan ýaş çopan-çoluklary höweslendirmek işine uly üns berýär.
Etrabyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde guwandyryjy görkezijileri gazandylar. Daýhan birleşikleriniň maldarlary dowarlardan sagdyn owlak-guzynyň 3 müň 166-ny alyp, bu babatdaky meýilnamalaryny 101,2 göterim ýerine ýetirdiler. Gyş möwsüminde mallary orta semizlikde saklap, ýyly gyşlatmagyň hötdesinden gelen etrabymyzyň maldarlarynyň bu üstünliginde ýaş çopan-çoluklaryň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellemek gerek.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek şanly ýylymyzda ene dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alyp, bu gün olary maldarçylygyň talaplaryna laýyklykda idetmäge çalyşýan ýaş çopan-çoluklar bilen iş üstünde duşuşýarys, olaryň armasyny ýetirýäris hem-de höweslendirýäris. Bu bolsa, sähra merdanalarynyň işe höwesini artdyrýar.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni