GÜÝÇLI TOPARLAR ÝEŇIJI BOLDY

Golaýda Kaka etrabynyň 16-njy orta mekdepdebinde etrabyň orta mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Bilim işgärleriniň woleýbol sportuna höwesini artdyrmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşda mugallymlar sport ussatlygyny görkezdiler. Munuň şeýledigine çekeleşikli duşuşyklar hem şaýatlyk etdi.

Ýaryşyň netijesinde «Berkarar» topary birinji oruna, «Galkynyş» topary bolsa ikinji oruna, «Bagtyýarlyk» topary bolsa üçünji orny eýeläp, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hormat hatlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Begenç ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar