WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 18-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen täsirli çykyşlara aýratyn orun berildi. Çykyş edenler ýaşlara milli ýol-ýörelgelere eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, sanly ulgamyň, şol sanda internetiň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz-tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Begenç ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 11 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 42 okalan

ŞANLY ÝYLA BAGYŞLANAN MASLAHAT