ARASSAÇYLYK — GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň şäherçäniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda 6-njy sport mekdebinde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyna has-da aýawly çemeleşmek, baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Gumdag şäherçe bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar