Eşretli günleriň hözirinden, baky bagtyýarlygyň ylhamyndan güýç-kuwwat alyp, uly ösüşleriň şaýady bolup ýaşaýan halkymyz özüniň ýaşaýyş berkararlygynyň sakasynda duran ägirt Ynsana — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa her ädimde alkyş aýdýar. Sebäbi taryhy başlangyçlary, irginsiz zähmeti we ynsanperwer tutumlary bilen şu günki hem-de geljekki nesilleriň durmuşy üçin netijeli işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyz şeýle hormata aňryýany bilen mynasypdyr. Ol özüniň kämil paýhasy we syýasy erki bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda hil taýdan gowy özgertmeleriň, dünýä ylmynyň, öňdebaryjy tilsimatlarynyň iň täze gazananlaryny we iň gowy tejribesini adamlaryň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmek üçin peýdalanmagyň esasynda döwleti ykdysady we ruhy-medeni taýdan çalt ösdürmek eýýamynyň düýbüni tutujy hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar bilen täze ideologiýany dörediji hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen Liderdir!
Iňňän gysga wagtyň içinde türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan ykbal özgerdiji işleri durmuşa geçirmegi, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şanly gadamlaryna ak pata bermegi, halkyna her bir işde görelde görkezýän köptaraply zehinli Ynsan bolmagy döwlet Baştutanymyzyň gahrymançylykly durmuşynyň käbir görkezijileri bolup durýar. Şonuň üçinem milli Liderimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň we «Altyn Aý» medalynyň iki gezek berilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Belent başly Arkadagymyz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem bütin Ýer ýüzünde ynsanperwer Adam, täzelikçi Lider, Alym, beýik Binagär, sport Ussady, halypa Seýis we ussat Çapyksuwar hökmünde giňden tanalýar. Daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary, görnükli syýasatçylary we iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli zatlardan habarly, akademiki bilimli, hoşniýetli hyzmatdaş we dünýäde parahatçylygy wagyz ediji meşhur syýasy işgär hökmünde baha berýärler.
YNSANPERWER ADAM
Hormatly döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan her bir işiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, adam hakyndaky ynsanperwer alada bar. Turuwbaşdan, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary özüniň döwlet işiniň esasy ýörelgesine öwren milli Liderimiziň bu aladasy gerimi boýunça juda giň ýaýrawa eýedir. Sahawatlylygy özüne hemra edinen hormatly Prezidentimiz diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan raýatlar barada alada etmän, eýsem bütin dünýä ýaýran türkmen doganlarymyz üçinem hossarlyk goluny uzadýar. Ony Owganystan, Täjigistan döwletlerine edilýän ynsanperwer kömekleriň mysalynda hem görmek bolýar. Sözi edýän işinden aýry çykmaýan döwlet Baştutanymyzyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanyna mynasyp bolmagy bolsa aýdylanlary doly tassyklaýar.
Sarpaly Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgesi, ilkinji nobatda, her bir adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň bardygyny ykrar etmekden, şol hukuklary kanun esasynda berkidip, olary goramakdan, olaryň erkin amala aşyrylmagyny hem-de olaryň özara sazlaşygyny we deňagramlaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Mysal üçin, belent mertebeli ýurt Baştutanymyzyň ynsanperwer permanlarynyň esasynda ençe müň adama ýurdumyzyň raýatlygy berlip, olara Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletimiziň goragy we penakärligi kepillendirildi.
Ynsanyýet ölçegi babatynda biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige uly üns berýär. Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik düzümleri BMG-niň ynsanperwerlik ugrunda iş alyp barýan edaralary bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. BMG-niň adam hukuklary babatyndaky esas goýujy konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, biziň döwletimiz olaryň milli derejede ornaşdyrylmagyny üpjün edýär. Bu işleriň sakasynda bolsa gönüden-göni ýurt Baştutanymyzyň irginsiz aladalary ýatyr.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň möhüm döwlet işleriniň daşyndan halkyň içinde bolup, adamlaryň hal-ahwallary bilen hut özüniň gyzyklanyp durmagy, nesilleriň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip bermegi ýa-da jemgyýetimiziň maşgala binýadyny pugtalandyrmak hakynda yzygiderli alada etmegi onuň iňňän ynsanperwer Adamdygyny görkezýär.
TÄZELIKÇI LIDER
Öňdengörüji Liderimiz dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň hoşniýetli däplerini we diplomatik ölçeglerini netijeli berkitmäge uly goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki guramalaryň mejlislerinde ýa-da daşary ýurt döwletlerine bolýan saparlarynda hormatly Prezidentimiz dünýäniň global meseleleri barada öňdengörüjilikli hem-de täzeçil garaýyşlary öňe sürýär. Şonuň netijesinde hem Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edildi.
Özüniň meşhur pikirleri we hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren işleri üçin milli Liderimiz 2008-nji ýylyň 24-nji iýunynda «Ýylyň iň bir görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri» diýen hormatly adyň dakylandygy baradaky sertifikat hem-de ýörite nyşany — skulptura kompozisiýasy bilen sylaglandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýanyň Halkara gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň karary bilen 2010-njy ýyl boýunça «Ýylyň Adamy» diýen halkara derejesine, 2010-njy ýylyň 16-njy aprelinde TUSIAD türk senagatçylar we telekeçiler gaznasynyň «Ýylyň döwlet adamy» diýen Hormatly adyna, 2011-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkiýäniň «Syýaset» žurnalynyň «Ýylyň demokratiýa hormat sylagyna» mynasyp bolmagy diňe bir türkmeniň taryhyna däl, eýsem dünýäniň taryhyna altyn harplar bilen girdi.
2009-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Trenton şäherinde milli Liderimize Halkara informatizasiýa akademiýasynyň «Habarly jemgyýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» atly ýokary derejeli halkara ordeni gowşuryldy. Şol sene bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Güni diýlip yglan edildi. Bu hem dünýädäki ähli täzelikler barada özüniň gymmatly pikirlerini beýan edýän döwlet Baştutanymyza berlen mynasyp bahadyr.
Bulardan başga-da, täzelikçi Liderimiz dünýäniň ençeme döwletleriniň ýokary derejeli abraýly sylaglaryna mynasyp boldy.
(Dowamy bar)
Aýnur AGALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
“Nesil” gazeti,
26.06.2018ý.