Dünýäde ykrar edilen Lider

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

BEÝIK BINAGÄR

Bagtyýar zamanamyzyň görküne görk goşup, arşa bäs edýän ak mermer binalaryň milli öwüşginleri, döwrebap röwüşleri berkarar döwletimizde eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň galkynan ruhuna çalym edýär. Olary synlap durşuňa, il-ýurt üçin ägirt işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň diňe bir Garaşsyz Watanymyzyň goýnunda däl, eýsem, watandaşlarymyzyň kalplarynda hem gözel binalary gurýandygy baradaky ýakymly oýlara berilýärsiň. Oýlandygyňça-da tükeniksiz alkyş sözleri diliňe gelýär. Sebäbi gündizlerine Gün kibi, gijelerine Aý kibi şuglasyny saçýan täsin ymaratlar gönüden-göni belent başly Liderimiziň çuňňur paýhasynyň we irginsiz yhlasynyň netijesinde bina bolýar.

Ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly mukaddes ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň binagärlik sungatyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk belentliklere göterdi. Netijede, ajaýyp zamanamyzyň binagärlik keşbi milli Liderimiziň paýhasyndan hasyl bolan täze bir ulgam hökmünde kemala geldi. Çünki olar gurluşy we niýetlenilişi taýdan özboluşly aýratynlyklara eýedir. Kämil däplere, gymmatly ideýalara we täzeçil nusgalara eýerilip bina edilýän ajaýyp ymaratlar, niýetlenen maksatlaryna laýyklykda, simwoliki manylary berýän keşplere baýdyr.

2013-nji ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» ada eýe bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Çünki döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen toplumlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän bagtyýarlyk binalary gysga wagtyň dowamynda welaýatlarymyzyň içindäki etraplara, şäherlerimiziň içindäki şäherçelere öwrülýär. Munuň özi diňe bir Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ýa-da ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini görkezmän, eýsem, gönüden-göni döwrümiziň beýik gudratyny-da äşgär edýär. Bu gudrat ýurdumyzyň raýatlarynyň iň häzirki zaman nusgalarynda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň eşretinden nesibelidiklerini, halkymyzyň dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iş ýerlerinde zähmet çekýändiklerini, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilen ýokary hilli synp otaglarynda okaýandyklaryny, Watanyň goýnunda dem alýan her bir ynsanyň örän bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny bütin äleme buşlaýan gudratdyr! Şol gudratyň netijesinde, mähriban halkymyz häli-şindi täze açylýan binalaryň gujagyna dolýar.

Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary, gymmatly teklipleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde belent ynsanperwer Prezident hökmünde ykrar edilen milli Liderimiz diňe öz ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde beýik bir Bina gurýar! Ol bina tutuş adamzadyň Bagtyýarlyk binasydyr!

USSAT ÇAPYKSUWAR

Türkmeni bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly bedew ata dostlugy bilen baglydyr. Muny hormatly Prezidentimiz şeýle düşündirýär: «Türkmen halkynda bedewiň gadymylygy, onuň göwün syrdaşyna öwrülip gitmegi dünýä tizlik beriji güýjüň bedewde bolanlygy üçindir». Arkadagymyzyň bedew at pelsepesi şu ýerden başlanýar.

Döwlet Baştutanymyz at üstünde dürli tilsimleri ulanan gaýduwsyz taryhy serkerdelerimiziň ussatlyklaryny hut häzirki döwürde bütin milletimiziň göz öňünde janlandyryp, nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», 2015-nji ýylyň 22-nji aprelinde «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlaryna mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke atçylygyny hem-de atçylyk sportuny ösdürmek babatda alyp barýan işine ýokary baha berlip, halkara atçylyk sporty federasiýasynyň hem-de «Ekwitana» atçylyk sergisiniň diplomlarynyň we ýadygärlik nyşanlarynyň gowşurylmagy bolsa ahalteke bedewleriniň taryhy watany bolan Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, biziň güneşli ülkämiziň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan işine berlen ýokary baha hem-de bu pudagyň halkara derejesinde ykrar edilmegi hökmünde kabul edilýär.

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Bu gün halkymyz döwlet Baştutanymyzyň: «Dostluk, doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwürmekde mähriban halkyma bil baglaýaryn» diýen sözlerini ýüreginde besläp, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, eziz Watanymyzy dünýä içre has-da beýgeltmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Watany beýgeltmek gahrymançylykly ýoldur! Bu ýol milli Liderimiziň saýlap alan belent maksatly ýoludyr!

Türkmen döwletini ählitaraplaýyn berkitmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we nesillerimize kuwwatly döwleti miras goýmak barada edilýän aladalar watandaşlarymyzda milli Liderimize bolan hormat-sarpany has-da artdyrýar. Şonuň üçin hem bu gün çagalar bagyna, mekdebe gatnaýan bagtyýar çagalaryň, owadan ymaratlarda işleýän hünärmenleriň, pensiýa alýan ýaşulularyň, özleri hakynda aýratyn alada edilýän ýaş çagaly eneleriň, ajaýyp öýlerde ýaşaýan uly-kiçi — hemmeleriň, daşary ýurtlarda ýaşap, döwletimiziň ynsanperwer kömekleriniň hözirini görýän türkmen doganlarymyzyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow barada aýdýan alkyşlaryny eşitmek adaty hala öwrüldi.

«Watanymyz, Prezidentimiz — şanymyz, şöhratymyz», «Arkadaga şöhrat, Watana şöhrat», «Başyňyz dik bolsun, işiňiz — rowaç» ýaly sözler dillerimiziň soňlanmajak senasy bolup ýaňlanýar. Çünki bu sözler Hakyň halan Adamsy — türkmeniň Gahryman Ogly hakynda aýdylýan bagtyýarlyk şygarlarydyr!

Aýnur AGALYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

“Nesil” gazeti,

28.06.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY