Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň her bir güni beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Abraý-mertebesi ýedi yklyma dolan hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ykbal özgerdiji adyl taglymatyny baş ýörelge edinýän agzybir halkymyzyň dürli ugurlarda gazanýan dünýä nusgalyk üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri munuň buýsançly subutnamalarydyr. Berekediň binýady bolup durýan ene topragy maňlaý derleri bilen suwaryp, bol hasyl ýygnaýan işjanly babadaýhanlarymyzyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň orak möwsüminiň barşynda Watan harmanyna guşgursak ak bugdaýyň 1 million 30 müň tonnadan gowragyny tabşyrmaklary şeýle buýsançly subutnamalaryň hataryny has-da artdyrdy. Bu hoş habar tutuş halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi. Sebäbi halkymyzyň ýylgallasyny ýygnamakda ýetilen şeýle belent sepgit hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.
Ýurdumyzyň gazanan bu zähmet üstünliginde Balkan welaýatynyň gallaçy kärendeçileriniň hem mynasyp goşantlarynyň barlygy guwandyryjydyr. Halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ykdysady özgertmelerinde obasenagat toplumyna möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri arkaly jogap bermegi baş maksatlaryna öwren balkanly babadaýhanlar tarapyndan ak bugdaýyň ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi agrosenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynda, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny dünýäniň iň kämil önümçilik tehnikalarynyň hasabyna has-da pugtalandyrmakda alnyp barylýan döwletli tutumlarda mynasyp beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň şeýle aladalarynyň netijesinde şu ýyl öndürijiligi ýokary bolan «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň 20-den gowragy welaýatymyzyň agrosenagat toplumyna gelip gowuşdy. Netijede bolsa, orak möwsüminde welaýatymyzyň gallaçylarynyň hyzmatyna berlen kombaýnlaryň umumy sany 165-e ýetdi. Iki çalşykda işledilýän kuwwatly kombaýnlaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýan mehanizatorlar her günde 20-25 gektar meýdanyň hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýärler.
Ýeri gelende aýtsak, oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek maksady bilen onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda we kämilleşdirmekde hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Ýakynda «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi munuň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň depginli ösüşini üpjün etmekde alyp barýan şeýle giň gerimli aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri arkaly jogap berýän gallaçylarymyzyň işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazpolat KERIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
“Nesil” gazeti,
30.06.2018ý.