Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sahawat nazaryndan nurlanan türkmen halkynyň kalplary ýene-de bir şatlykly waka bilen gurşalyp alyndy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanandygy baradaky habar ähli türkmenistanlylarda uly şatlyk duýgusyny döretdi.
Taryhda hiç wagt ýatdan çykmajak milletleriň ykbalyna düýpli täsir eden wakalar bolýar. Nesilleriň aňynda ebedilik orun alan wakalaryň biri-de 1941 — 1945-nji ýyllarda bolan Beýik Watançylyk urşunda uly ýitgiler bilen gazanylan Beýik Ýeňişdir. Bu Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň goşan goşantlary merdi-merdanalygyň belent nusgasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem ikinji ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory bolup türkmeniň gaýduwsyz edermenligini görkezipdir. Ol söweşde agyr ýaralanýar we bäş aýa golaý harby gospitalda bejergi alýar. Berdimuhamet Annaýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen halkynyň merdana ogullary, dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň esgerleri bilen egin-egne berip mertlerçe söweşip ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagy üçin ägirt uly işleri bitirdiler. Berdimuhamet aganyň zähmet we durmuş ýoly, ilkinji nobatda, mugallymlar hem-de ýaşlarymyz üçin terbiýe mekdebidir.
Çünki Berdimuhamet Annaýewe halallyk, asyllylyk, paýhaslylyk, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik, belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly adamy bezeýän asylly häsiýetler mahsus bolupdyr. Atasyndan galan bu görelde, bu häsiýetler onuň Agtygynda-da — halka we Watana hyzmat etmegi ömrüniň baş maksady edip goýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowda jemlenipdir.
Watan goragyna giden mähriban Ynsan bu gün ýagşydan ýagşy sözler bilen ýatlanylýar. Bu şeýle-de bolaýmaly, sebäbi onuň il-gün, Watan üçin bitiren beýik işlerini halkymyz hemişe hakydasynda saklaýar. Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömür ýoly ata Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň, ene topraga bolan çäksiz söýginiň nusgasydyr.
Biz — ýaşlar merdana pederlerimiziň şol sanda ilhalar ynsan, ussat, edermen, batyr, gaýduwsyz Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Watan üçin goşan goşandyny elmydama öz kalplarymyzda ebedilik saklarys.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
03.07.2018ý.