SAZLAŞYKLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Eziz Diýarymyz bu gün dünýäde güýçli depginler bilen ösýän, parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat jemgyýetçiliginiň bähbitlerinden gözbaş alýan teklipleridir başlangyçlary halklaryň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolýar. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýyny barha pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmagy ýöne ýerden däl. Çünki milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ýüpek ýolunyň ugry döwrebap derejede täzeden dikeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakyndaky» bilelikdäki beýannamasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Dünýä uzaýan ýollaryň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Bu bolsa halkara ulag ulgamyna goşulmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhda Amul ady bilen yz galdyran Lebap welaýatynyň çäginden hem dünýä uzaýan ýollar gurulýar. Has takygy 2016-njy «Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek» ýylynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry, ýagny Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegi işe girizildi. Iki goňşy döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda dabaraly açylan bu polat ýoly döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmat edýär.

2017-nji «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap gara we demir ýol köprüleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi welaýatymyzyň agzybir ilatynyň buýsanjyny goşalandyrdy.

2018-nji «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Lebap welaýatynda gurlan Halkara howa menzili Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ak patasy bilen açylmagy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Täze açylan Halkara howa menzilinden ak kepderini ýadyňa salýan uçarlar welaýatymyzyň raýatlaryny we myhmanlaryny ata Watanymyzyň ähli welaýatlaryna we dünýäniň dürli ýurtlaryna syýahat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziline uzaýan oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz döwrebap ýollaryň töwereginiň bagy-bossana öwrülmegi, ýaşaýyş jaý toplumlarydyr beýleki medeni-durmuş maksatly binalar göwnüňi göterýär. Asyrlardan gözbaş alýan milli öwüşginler çaýylyp bina edilen ajaýyp Halkara howa menzili göreni haýrana goýýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän Halkara howa menzilinde ähli amatly şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň halkymyz baradaky edýän aladalarynyň naýbaşysydyr.

Welaýatymyzyň ähli künjeklerinde gurluşyk meýdanyny ýadyňa salýan ajaýyp desgalaryň, durmuş maksatly binalaryň, senagat pudagyna niýetlenen gurluşyklaryň, edara binalarynyň, ähli amatlyklary bolan, ýokary ýaşaýyş şertlerini özünde jemleýän dürli görnüşdäki ýaşaýyş jaýlaryň, täze obadyr şäherçeleriň gurlup ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen maksatnamalaýyn taglymatynyň iş ýüzünde amala aşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde 2018-nji «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli «Amul — Hazar 2018» halkara awtomobil rallisine, ylgaw ýaryşyna we welosipedli ýörişe badalga bermegi Gahryman Arkadagymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky tagallalarydyr.

Umuman, Watanymyzyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaş nesiller baradaky maksatnamalar giň gerimde durmuşa geçirilýär. Döwrebap çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdeplerde sowat, bilim alýan okuwçylaryň, saýlan hünäriniň eýesi bolmak üçin döwletimiziň we dünýäniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ylym we hünär alýan talyp ýaşlaryň okamagy, döwrebap terbiýelenmegi, medeniýetli dynç almaklary, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini subut edýär.

Gaýgysyz BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

03.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY