DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ GÜZERI

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Türkmenistanyň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan buýsançly medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär».

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, dürli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Adamzadyň ösüşine howp salýan wehimlere garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalara işjeň goşulyşmak bilen, bu babatda taryhy başlangyçlar öňe sü rüldi.

Ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de halkara giňişlikde Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýän oňyn, dünýäde ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny biragyzdan goldaýarlar.

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek arkaly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýär. Ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa giňişliginde bu transmilli ýoluň möhüm halkasy — ylymlaryň we bilimleriň merkezi bolan ýurdumyz, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä bileleşiginiň ylym, döredijilik hem-de tehnologiýa babatdaky mümkinçiliklerini birleşdirýän köprä öwrülýär.

Ýurdumyzda kanunçykaryjylygyň dünýä tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemlän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp konwensiýalaryna goşulmak bilen birlikde amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen häzirki döwrüň derwaýys meseleleri bolan ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şeýle-de ykrar edilen parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi bolup, ösüşiň ýakynlaşdyryjy nusgalarynyň biri hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda görelde görkezip, giň gatnaşyklara hem-de ylmy alyşmalara taýýardygyny subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň esasynda sungatyň parahatçylyk dörediji wezipesi baradaky pikiriň goýlandygyny bellemek gerek. Bu kitap döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üsti bilen halkymyzyň beýik sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berýär.

Ylmyň we medeniýetiň yzygiderli ösdürilmegi, alymlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 2015-nji ýylda «Görogly» eposynyň dessançylyk sungatynyň nusgasy hökmünde, 2017-nji ýylda bolsa küştdepdiniň aýdym we tans sungatynyň nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan bu giň gerimli işleriň aýdyň mysalydyr.

Beýik ata-babalarymyz ylmyň hem-de medeniýetiň jemgyýetçilik ösüşiň hereketlendiriji şertidigine düşünip, örän iri kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdir, obserwatoriýalary açypdyr, sungaty ösdürmegi höweslendiripdir. Şu nukdaýnazardan hem döwürleriň arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny bellemek buýsançlydyr.

Ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň maksady medeniýeti we sungaty geljek nesillere ýetirmek ýörelgesinden ugur alýar. Halkara ylmy maslahatlara we festiwallara gatnaşýanlar halk döredijiliginiň egsilmez çeşmesiniň köpöwüşginlidigine, halklaryň taryhyna, filosofiýasyna we milliligine düşünmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine, dürli medeniýetleriň wekillerini birleşdirýändigine, dostluk ýörelgelerini utgaşdyrýandygyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirýärler.

Türkmenistandaky medeniýetiň ähli ugurlary boýunça ägirt uly mümkinçilikler dünýä halklarynyň köpöwüşginli ulgamynda özboluşlylyga eýedir hem-de ol ruhy köklere, köpasyrlyk milli mirasy aýawly saklamaga, pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen özboluşly dessurlara bolan ygrarlylygy alamatlandyrýar. Olaryň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanda wekilçilikli döredijilik forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda milli medeniýeti hem-de sungaty ösdürmäge bolan ünsüň we çemeleşmeleriň, köpugurly halkara ylmy hem-de medeni alyşmalary ýola goýmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň gadymy türkmen topragyna gelip görmekleri hem-de dünýä medeniýetini ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, dünýäniň dürli halklarynyň özara medeni gatnaşyklaryny baýlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklary babatda döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen dilini we daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmak hem-de okuw kitaplaryny, gollanmalaryny, meýilnamalaryny we okuw dersleri boýunça maksatnamalary kämilleşdirmek netijesinde zehinli hem-de täzeçe pikirlenmegi başarýan ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek we terbiýelemek ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde belent we ýokary jogapkärçilikli wezipeler bolup durýar.

Halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan galkynmagy özünde hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ruhy siňen milli baýramçylyklaryň, gadymy däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmegini, döwlet dili hökmünde ene diliň giňden ýaýramagyny, sungatyň we halk çeper döredijiliginiň ähli görnüşleriniň ösüşini, ilatyň bilim we medeni derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlanmagyny, medeniýet ulgamynyň, neşirýat işiniň, habar beriş serişdeleriniň maddy esasynyň berkidilmegini üpjün edýän toplumlaýyn çäreleri jemleýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty jemgyýetimizi ruhy-medeni taýdan ösdürmäge, nesilden-nesle geçip gelýän gadymy milli däplerimiziň we ene dilimiziň özboluşlylygyny aýawly saklamaga gönükdirilendir.

Ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesini öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleri rowaç alsyn!

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

“Nesil” gazeti,

05.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY