BILIM ULGAMY ROWAÇLANÝAR

Döwlet aýdyň ösüş ýoluna düşende onuň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda soňky ýyllarda döwletimiziň syýasy, ykdysady, bilim ulgamlarynda netijeli işler amala aşyryldy. Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde milli bilim ulgamynyň işiniň sazlaşykly ösmegi zerurdyr. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylda döwletimiziň ähli babatlarda gazanýan guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikleri, ýeten belent we ajaýyp sepgitleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan milli bilimi dünýä derejesine çykarmakda ägirt uly tagallalar edýär. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmakda goýberilýän döwlet serişdeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ata-babalarymyz hem geçmişde ýaş nesliniň ilhalar adamlar bolup ýetişmeginde aýratyn aladalar edipdirler. Biz öz geljegimizi ýaşlarda görýäris. Olaryň ylymly-bilimli bolmagy biziň geljegimiziň kepilidir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr».

Indi birnäçe ýyldyr türkmen ýaşlary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebap alnyp barylýandygyny tassyklap üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň her bir ýeňşi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky aladasynyň ýerine düşýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň halkara ders, taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara eýe bolandyklary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bolsa halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara we dürli derejeli diplomlara mynasyp bolýandyklary munuň anykdan aýdyň subutnamasydyr.

Şonuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz hünärmenleri taýýarlamak işiniň ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, berilýän bilimleriň adamyň jogapkärçiligini, halkymyzyň taryhy we milli däpleri, onuň ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşykly alnyp barylmalydygyny berk talap edýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň hünär taýýarlygynyň olaryň gumanitar taýýarlygy bilen deň-derejede, sazlaşykly ösdürilmelidigini görkezýär. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmekde dünýägaraýyş ähmiýetli dersleriň, şol sanda jemgyýeti öwreniş ylymlary boýunça dersleriň ýokary hil derejesinde okadylmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy şübhesizdir.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimize özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, başlangyjy, joşgunlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan döwrebap bilimli, ahlakly, iş başarjaň, işinde täze belentlikleri eýelemäge taýýar, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdysady rowaçlygy üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlaryň zerurdygyndan ugur alyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämil hünärmenleri, işine ussatlary taýýarlamaga gönükdirýär. Çünki milli Liderimiziň bildirýän talabyna laýyklykda olar diňe bilimleriň we başarnyklaryň belli bir toplumyna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, täze gymmatlyklary döretmäge, netijeli pikirleri orta atmaga we olary amala aşyrmaga, ýurdumyzyň ösüşini ilerletmäge ukyply bolmalydyrlar.

Şu aýdylanlar häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak işine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan buýana-da bedew bady bilen öňe alnyp gidilmegini dowam etdirmek maksady bilen geçirilýän çäreleriň hemmesine täze döwre mynasyp nesilleri kemala getirmek nukdaýnazaryndan garalýandygyny görkezýär. Şeýle syýasatyň ýöredilmegi bilime gönükdirilen maýalaryň öz wagtynda ýokary netijeleri bermegini, milli işgärleriň hataryna täze bilimlere isleg bildirýän, täzeçillige, ylmy açyşlara we döredijilik işine ymtylýan häsiýetleri bolan hünärmenleriň tutuş tapgyrynyň goşulmagyny üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň baş baýlygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent wezipelerini çözmäge ukyply ýurdumyzyň intellektual kuwwaty bolup hyzmat edýär.

Maýa BABAÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

07.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY