Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň Ak öýi” binasynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bitaraplyk we parahatçylyk — ýaşlaryň täze mümkinçilikleriniň möhüm guraly” atly brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülnara SARYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň işgäri.