BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň “Ýolagçy-parom” terminalynda hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Ýewropa bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, şeýle-de ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgeleri dogrusynda brifing duşuşygy geçirildi.

Täsirli çykyşlardan soň, oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar