GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE

Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda ýurdumyzda ýaşlarynyň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda hukuk goraýjy edaralaryň, şäher Saglyk öýüniň, bilim bölüminiň, şeýle-de zenanlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher bölüminiň wekilleri çykyş edip, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, ahlaklylyk, edeplilik häsiýetlerini gyzlaryň aňyna çagalykdan guýmak türkmen enelerimiziň gadymdan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgesidigi dogrusynda öz çykyşlarynda giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň röwşen geljegine deňelýän ýaşlary mynasyp terbiýelemäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Maýagül GARAJAÝEWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar