Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde J.Hansähedow adyndaky takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi» şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykdaky bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň esasy bölegi ýaş nesillerden ybaratdyr, şoňa görä-de, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar diýip belleýärler.
Täsirli geçen duşuşygyň barşynda beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty barada giňişleýin durlup geçildi hem-de ýaşlara degerli öwüt-ündewler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.