Sagdynlygyň girewi

Gahryman Arkadagymyzyň öwran-öwran belleýşi ýaly, sport sagdynlygyň girewidir, uzak ýaşamagyň açarydyr. Ýer ýüzünde uzak ýaşamagy arzuw etmeýän ynsan ýok bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz saglyk syýasaty bilen, öz nusgalyk görüm-göreldesi esasynda türkmen halkyny, aýratynam biz — ýaşlary sagdynlyga, ruhubelentlige çagyrýar.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda biz birnäçe ýakymly wakalaryň şaýady bolýarys. 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçjek «Amul — Hazar 2018» iri ýaryşlaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda badalga berildi.

9-njy iýulda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, welosiped we ylgaw ýaryşlary mynasybetli mediaforum geçirildi.

Bu mediaforuma ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işgärleri, halypa mugallymlar, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Şolar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlar bolan bize hem önümçilik tejribeligimiziň çäklerinde bu mediaforuma gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigine buýsanýarys.

Ir säher bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde mediaforuma gatnaşyjylary medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen mähirli garşyladylar. Soňra ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ýagty ýadygärligine gül desselerini goýup, mekdebiň muzeýine aýlanyp gördük. Muzeýde Gökdepe etrabynyň hem-de Yzgant şäherçesiniň halkymyzyň ösüşine uly goşant goşan şahsyýetleri, olaryň bitiren işleri bilen tanyşdyk, şeýle hem medeni mirasymyzy wasp edýän milli gymmatlyklarymyzy synladyk.

Mediaforuma gatnaşýanlar Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Medeniýet öýüne hem baryp gördüler. Medeniýet öýünde medeniýet we sungat ussatlarynyň medeni çykyşlary, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary täsirli boldy. Medeniýet öýüniň eýwanynda guralan dokma önümleridir surat sergileri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Soňra myhmanlar mediaforumyň geçjek ýerine — ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatyna geldiler. Ol ýerde ýaş türgenleriň gazanan üstünlikleri bilen tanyş bolmaga giň mümkinçilikler döredilipdir.

Görkezme sport çykyşlaryny synlanymyzdan soňra, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, welosiped we ylgaw ýaryşlary mynasybetli geçirilýän mediaforum öz işine başlady. Mediaforumda professor-mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzyň ösüşi, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň geçişi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.

Mediaforum tamamlanandan soňra, Gökdepe etrabynyň Gökdepe milli muzeýi bilen tanyşlyk boldy. Soňra mediaforuma gatnaşanlar Paryzdepe taryhy ýadygärligine aylanyp gördüler. Ol ýeriň taryhy we arheologlaryň barlag işleriniň netijesinde tapylan tapyndylary barada giň maglumatlar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ahal welaýatynda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, welosiped we ylgaw ýaryşlary mynasybetli geçirilen mediaforumyň çäklerinde synlan taryhy ýerlerimiz, ýaş nesilleriň sport ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşlygymyz, hormatly Prezidentimiziň gurduryp ulanmaga berýän sport desgalaryny synlamagymyz ýurdumyzyň ähli ulgamda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda öňde goýan maksatlarymyza ýetmäge uly itergi berýär.

Aýnur ÖDEBAÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

“Nesil” gazeti,

12.07.2018ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY