TERBIÝELI ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ BEZEGI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Edep-terbiýeli ýaşlar — döwrümiziň bezegi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ata Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesilleriň edepli, terbiýeli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Edilen çykyşlar wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşan ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Hakmyrat KIŞJIKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit»

döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar