SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan işler, şeýle hem, Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda ýetilýän belent sepgitler dogrusynda «Döwletli işler — ruhubelent ýaşlar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň artýandygy, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimiz, şeýle hem, Türkmenistan döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar