TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 7-nji orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaş nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, «Ulyny syla — kiçini söý» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Arzygül TEKEMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar