Ýakynda Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Balkanabat şäher Polisiýa müdirligi bilen bilelikde guramagynda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek çärelerde tertip-düzgüniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak, şeýle hem ýaşlarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, millilik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.