ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, hukuk bilimini artdyrmak maksady bilen, portda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklaryny kämilleşdirmek, ýaşlaryň telekeçilik bilen birlikde beýleki başlangyçlaryny hem höweslendirmek, bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar giň dünýägaraýyşly, ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar