TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 5-nji orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, «Maşgala mukaddesligini gorap saklalyň» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ýurdumyzda öňde goýulýan esasy maksatlaryň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän giň-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mukam ÇÜRIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar