DÄP-DESSURYM – SUNGATYM

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Däp-dessurym sungatym» ady bilen el işleriniň sergisi guraldy, şeýle-de etrap medeniýet merkeziniň folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

Çykyşlarda türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessurlary ýaýbaňlandyrylyp, halk döredijiliginde aýratyn orun alan mährem käbelerimiz tarapyndan hiňlenilýän hüwdülerimiz, gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan nepis el işleri, medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdi çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmekde, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde, türkmen halkynyň baý mirasyny gorap saklamakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar