BILIM WE UKYP BÄSLEŞIGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Gyzylarbat etrabyndaky «Dana» bilim merkezinde bilim alýan ýaş nesilleriň gatnaşmagynda «Bilim we ukyp bäsleşigi» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegini gazanmak bilim ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Dünýä dillerinde erkin gürläp bilmek ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp geçirilen bu bäsleşik gyzgalaňly we çekeleşikli geçdi. Netijede, 1-nji orna 18-nji orta mekdebiň okuwçylary, 2-nji orna 19-njy orta mekdebiň okuwçylary, 3-nji orna hem 29-njy orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular.

Ýeňijilere we bäsleşigiň dowamynda ýokary dereje ukyp-başarnyklaryny görkezen gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, ukyply hünärmenler bolup ýetişmeginde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar