TÄSIRLI GEÇEN BRIFING DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda “Türkmeniň Ak öýi” binasynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda brifing duşuşygy geçirildi.

Brifing duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamalar dogrusynda, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan döwletlerine amala aşyran dostlukly saparlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar