Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda «Millilik – nesil terbiýesiniň özeni» atly duşuşyk çäresi geçirildi.
Duşuşyk ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza hormat goýmagy we aýawly garamagy terbiýelemek maksady bilen geçirilip, onda çykyş edenler Watanymyzyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we medeni gymmatlyklarymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit»döwlet
konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.