WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap prokuraturasy, etrap bilim bölümi, polisiýa bölümi, bilen bilelikde guramagynda etrabyň 11-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerinde tertip-düzgün kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmaklary barada giňişleýin düşündirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli, ugurtapyjy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar