Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda «Edep-terbiýe–üstünligiň açary» atly şygary astynda etrabyň 1–nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Ahlak arassalygy–ruhy tämizlik» ady bilen wagyz–nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda gadymy milliligimizi, gelin-gyzlaryň, edermen ýigitleriň gylyk-häsiýetlerini, milli mirasymyzy, türkmen halkynyň gadymy ýörelgelerini, ahlak arassalygy we häzirki döwrümiziň ýeten derejeleri barada gürrüň etdiler.
Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy uly many-mazmuna eýe boldy, çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.