MERTEBÄŇIZ BELENTDIR, WATAN GORAN GERÇEKLER

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Mertebäňiz belentdir, Watan goran gerçekler!» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Geçirilen çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 9-njy maýynda şeýle şanly seneleri bellemek bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezip öz mukaddes borçlaryny mynasyp berjaý eden gahrymanlarymyzyň sarpalanýandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň «Miras» tans topary baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazlary bilen çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň dowamynda Watan gahrymanlarynyň hatyrasyny belentde sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Annajemal NURJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar