GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Zähmetde gözellik bar. Tamdyrda çörek ýapýan, ig egirýän, ýüpek işýän zenan keşplerinde, eli pilli ýer depýän daýhanyň, baga timar berýän bagbanyň, uzakly gününi körügiň başynda geçirýän demirçi ussanyň keşbinde durmuşyň iň owadan, nusga alynmaly pursatlary jemlenendir. Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Çünki zähmet daragty adamyň özünde bolup, ol adamyň tebigy ukybynyň endik bilen özleşdirilmeginiň netijesidir.

Bir adam ömürboýy hazyna gözläp, çölleri, daglary agtarypdyr. Aslynda hazyna onuň howlusynyň bir çüňkünde gömülgi eken diýip, ýaşulular gürrüň bererdiler. Şu tymsal hem özüňde bar bolan, elýeterli mümkinçilikleri özleşdirmegi ündeýär, ata-babalarymyz: «Işikden tapsaň, töre geçme» diýipdirler. Munuň birinji bölegi biziň özümizdäki özleşdirilen, ozalky bar ukyplardyr we mümkinçilikler, ikinji bölegi soň özleşdirilmeli, gazanylmaly mümkinçilikler hakyndadyr. Ilki bilen edip bolýan, gözüňe görnüp duran mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydyr. Çünki özüňde bar zat, başga ýerden gözlenilmeýär. Zähmet endiklerini özleşdirmek hünäre ezberligi hem kemala getirýär. Il arasynda «Bikärden Taňry bizar» diýilýär, şunuň bilen ugurdaş manyda «Ýöne oturanyňdan ýer çyz» diýlen aýtgy bar. Şonuň mysalynda hem hekaýat gürrüň bereýin.

«Bir adamyň çöl-beýewanda ekin ekmek pikiri hyýalyna gelipdir. Ol iki sany öküze goşulan kündeli ýer sürüp ýörmüşin. Şol wagt hem onuň ýanyna bir ýagşyzada gelipdir.

– Oglum, ymgyr çölüň içinde öz içjek bir owurt suwuň janyňa hyllalla halyňa, nädip ekiniňi suwarjak? – diýip geňirgenip, oňa sowal beripdir. Ol adam darykman, gaýtam, göwnühoşluk bilen şeýle diýipdir:

– Men bugdaý ekmekçi. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýipdirler. Men Ýaradana sygynýan, belki, ol öz hazynasyndan eçiläýedi-dä.

Daýhan bilen hoşlaşan ýagşyzada ýoluny dowam edýär. Indi ýagşyzadanyň ýoly suwy çekilen kölüň, kölüň gyrasynda-da eli tüpeňli ýatan awçynyň üstünden düşýär. Ýagşyzada ýene geňirgenýär:

– Suwy çekilen kölde näme awlamakçy bolýarsyň?

– «Bermezek Taňrydan irmezek awçy» diýipdirler.

Uzakdaky suwly köllere gitmäge ýagdaýym ýok. Taňry berjek bolsa, bu ýerde-de meni görmän duranok. Ýagşyzada oňa hem ýagşy dileg edip, ýoluny dowam etdiripdir. Oňa üçünji duşan adam iki elini eňegine diräp, ojara arkasyny berip otyrmyşyn. Ýagşyzada oňa:

– Bikärden Taňry bizar, ýöne oturanyňdan ýer çyz! – diýip maslahat beripdir.

Ýagşyzadanyň ýoly ýene bir aýlawda bularyň üstünden düşüpdir. Görse, ýer çyzyp oturan adam jaýyň suduryny çyzyp gümramyşyn. Ol köşk ýaly jaý salynmagyň arzuwyny edýärmişin. Öňki gören awçysynyň hem awy oňupdyr, huruşlymyşyn. Ol ýene birsellem ýöräp, bugdaý eken adamyň gök maýsalygyny görüp, gözüne ynanmandyr».

Meňzeş habarlar