WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyzlyk, hemişelik Bitarap Watanymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem temmäkä garaşy göreşmek bilen baglanyşykly “Temmäkä garşy göreş-saglyk we abadançylyk” atly talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda maşgalalaryň bitewiligini üpjün etmekde, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, olary watansöýüji, ynsanperwer, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly nesiller hökmünde kemala getirmekde, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde yzygiderli aladalar edilýär. Ýörite maksatnamalaýyn alnyp barylýan bu işler oňyn netijesini berýär.

Şeýle hem çykyşlarda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirleri, maşgala abatlygyny goramakda ýetirýän howpy barada belläp geçdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlarymyzyň her biriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halal we döredijilikli zähmet çekmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.