Ýakynda Aşgabat şäheriniň Ylmy-kliniki merkeziniň mejlisler zalynda lukmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Ylmy kliniki merkeziniň bilelikde guramagynda ÖHTD-leriniň öňüni alnyşy, anyklanyşy we bejerilişi barada ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň sagdyn nesli kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.