TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 66-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigi, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy, türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!