Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna ýaşlaryň söýgüsine mynasyp bolan zehinli aýdymçy Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Eldar Ahmedow gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda meşhur aýdymçy bilen onuň döredijiligi barada gyzykly gürrüňler edildi we aýdymçy tarapyndan birnäçe joşgunly aýdymlar ýerine ýetirildi. Söhbetdeşlik diýseň täsirli we gyzykly bolup, zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.