«TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY»

Şu gün Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Baş Bilim müdirligi, Türkmenbaşy Jins Toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy, Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde «Çagalary goramagyň halkara güni» mynasybetli «Aşgabat» söwda dynç alyş merkezinde ýaş neslimiz bolan çagalaryň baýramçylyk ruhlaryny galkyndyrmak maksady bilen, «Türkmenistan bagtly çagalygyň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen sazlaşygy emele getirýär. Çärede Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň çagalary öz aýdym-saz, tanslary bilen çykyş etdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar döwürde türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.

 

Meňzeş habarlar