Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda Janly tebigatyň milli muzeýine “Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty” atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.
Gezelenjiň dowamynda çagalar ol ýerde saklanýan jandarlary görüp şatlyk duýgularyny başdan geçirip, olary synlamakdan uly lezzet aldylar.
Biziň ýurdumyzda 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, gezelençler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzda çagalar baradaky aladalaryň, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalaryň, jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen sazlaşygy emele getirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy, ylym-bilim öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gözel BAZARBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.