Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň Gurban baýramy mynasybetli nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň aýdymçysy, Türkmenistanyň “Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi” Bäşim Ýolamanow gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda aýdymçy tarapyndan birnäçe türkmen halk aýdymlary, şeýle hem Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp joşgunly aýdymlar ýerine ýetirilip, onuň döredijiligi barada gyzykly gürrüňler edilip, sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşlik diýseň täsirli we gyzykly bolup, ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň okgunly ösmegi, ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan ÝURDAMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň
esasy hünärmeni.