Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Parahatçylyk sazy — çagalaryň owazy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähinde geçirilen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdepleriniň ýaş aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan çäräniň dowamynda çagalary has-da gyzyklandyrmak maksady bilen Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp oýunlara tomaşa edildi hem-de sorag-jogaply bäsleşikler geçirilip, körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpe nesilleriň asuda, abadan durmuşda bagtyýar ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.