Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilip geçilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşikde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň mugallymy Sarygyz Çalyýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa hem-de Aşgabat şäher Saglygy Goraýyş müdirliginiň 5-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Orazbibi Ýagmyrowa dagylar çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, medeni jemgyýetçilik çäreleriň Watanymyzyň nurana ertiri bolan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidigi, ynsanperwerlik, ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.