Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, “Türkmenistan — bagtly çagalygyň mekany” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşan körpejeleriň ýerine ýetiren aýdymlarydyr-sazlary, goşgulary dabaranyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyryp, gurnalan gyzykly sowally oýunlar çagalaryň ýiti zehinini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar we süýjülikler gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, döwrebap bilim almagy, göwnejaý dynç almagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ismaýyl ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.