TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýaş nesilleriň mynasyp bilim almagyna, döredijilik bilen meşgullanmagyna, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenen “Ýaş nesiller — biziň guwanjymyzdyr” atly şygar astynda çäre geçirildi.

Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda, şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, şeýle hem bu çärä gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, göwnejaý dynç almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY