Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Bagyr ýaşaýyş jaý toplumynda Gurban baýramy mynasybetli TMÝG-niň ýaş hünärmenleriniň hem-de teleýaýlymyň döredijilik toparynyň işgärleriniň gatnaşmagynda “Watanda toýlar toýa ulaşýar, bu gün Gurban baýramynyň dabarasy dag aşýar” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Geçirilen çäräniň dowamynda birnäçe söhbetli gürrüňler bolup, onda söz-sözlänler öz gezeginde külli musulman döwletleri bilen birlikde ata Watanymyzda ýokary derejede toýlanylýan Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýändigi, türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyzyň Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýändigini buýsanç bilen bellediler.
Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Begnazarowanyň ýerine ýetirmeginde dutar hem-de gyjak saz gurallarynda ajaýyp aýdym-sazlar çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Aýdym-sazly baýramçylyk çäresine gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän hoşniýetliligiň, päk ýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, ruhy-medeni däplerimize hormat-sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.