“BITARAP TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ MEKANY” ATLY BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, etrap Geňeşleriniň hem-de “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň girelgesinde “Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany” atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Aşgabat şäheriniň Çagalar we Ýetginjekler köşgüniň okuwçylary, talyp ýaşlar hem-de edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow, Aşgabat şäheriniň Çagalar we Ýetginjekler köşgüniň kompýuter mugallymy Rejepmyrat Döwletow, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Merjen Garaberdiýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Merjen Berdiýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy Perhat Çaryýew dagylar çykyş etdiler.

Çykyş edenler öz sözlerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmagy hem-de Mongoliýa amala aşyran iki günlik döwlet sapary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, Aşgabat şäherinde “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, bagtyýar ýaşlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar