Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda “Sagdyn nesil — kuwwatly Watan” ady bilen çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň dowamynda işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çagalaryň dynç alyş günlerini has hem gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen merkezde döredijilik we sport gurnaklary hereket edip, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Saparmyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.