«TEBIGATYŇ SESI» ATLY WIDEOBÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň maksady ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmakdyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda geçirilýän bu bäsleşik tebigat goragy baradaky döredijilikli pikirleri goldamak, ýaşlary ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga höweslendirmek we zehinli, çeper ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Bizi gurşap alan gözel tebigat – bu biziň mähremligi babatda hiç bir öý bilen çalşyp bolmajak umumy öýümiz. Ol öýi goramak, arassa saklamak, has-da gözelleşdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Häzirki wagtda tebigaty gorap saklamak üçin ösüp gelýän ýaş nesle ekologik bilim-terbiýe bermek döwrüň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. Bu babatda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle ýörite tassyklanan okuw maksatnamalary esasynda ekologik düşünje berilýär. ÝUNESKO-nyň işleriniň çäginde geçirilen bu bäsleşige hem ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 14 – 18 ýaş aralygyndaky okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň 18 – 25 ýaş aralygyndaky talyplary gatnaşyp, özara bäsleşdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz öz tebigy baýlyklarymyzy aýawly ulanmak bilen, olary türkmen halkynyň durmuşynyň gowulandyrylmagyna, ata Watanyň bähbidine gönükdireris» diýen ganatly jümlelerinden ugur alyp ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmegini gazanmak we ekologik söýgüsini ýokarlandyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik bäsleşikleri aýratyn bellärliklidir. «Geljek üçin tebigaty goralyň!» atly şygar astynda geçirilen «Tebigaty sesi» bäsleşige gatnaşan dörediji ýaşlar tebigaty goramak boýunça innowasion çözgütler, adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri, suw baýlyklarynyň isrip edilmeginiň öňüni alyş çäreleri, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, şeýle hem daşky gurşaw meselelerine we howanyň üýtgeýän şertlerinde durnukly ösüş ýaly temalary giňişleýin açyp görkezýän wideoşekilleri taýýarlapdyrlar. Munuň özi ýalaryň ekologik biliminiň ýokarlanmagynda alnyp barylýan işleriň öz miwesini berýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr. Bu ugurda döredip berilýän mümkinçilikler bolsa ähli raýatlary, aýratyn hem ýuneskoçylary el-ele berip, agzybir zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Bize şeýle bagtyýar hem asuda durmuşy peşgeş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletiň abadançylygy ugunda alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy,

“Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy.