TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary içgin öwrenilýär we olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, şol sanda ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň ýakyndan goldawy bilen gadymy Lebap topragynda hem halkymyzyň milli medeni mirasyny, maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny goramak, şeýle-de dünýä ýaýmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýlip atlandyrylan burçuň döredilendigi muňa aýdyň mysaldyr. ÝUNESKO-nyň dünýä boýunça bu ikinji burçunda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna güneşli ýurdumyzyň başlangyjy bilen, şeýle-de awtordaş bolmagynda girizilen gymmatlyklar barada giňişleýin maglumat berilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi bulardan başga-da, Türkmenistanyň gatnaşmagynda «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-garagum geçelgesi», «Aram guşaklykdaky Turan çöllügi» atly köptaraplaýyn hödürnamalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirdi. Beýik ýüpek ýolunyň ugunda ýerleşýän ajaýyplyklaryň biri hem Amul galasydyr.

Häzirki Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheri bolan Amul şäheri Al-Istahri, Ýakut Hamawi, Al-Masut, Ibn-Hordabeg, Al-Makdisi ýaly orta asyr awtorlarynyň barlag obýekti bolupdyr. Ol IX asyrda iň uly halkara söwda merkezleriniň birine öwrülýär, bu bolsa şäheriň depginli ösmegine uly goşant goşupdyr. Bu ýer Merwden Buhara, Hytaýa, Gürgençden Balha hem Hindistana çenli gidýän kerwen ýollarynyň kesişýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm nokadydyr. Amul galasynyň adynyň gadymy arap, pars we ýunan çeşmelerinde hem geçmegi onuň taryhda meşhur we juda ähmiýetli merkez bolandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Amul galasy barada getiren parasatly pikirlerine esaslanyp, bu sebitleriň taryhy şanyny dikeltmeklik göz öňünde tutulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasaty netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we bu işe dünýä alymlaryny çekmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle möhüm işe biz — ýaşlaryň gatnaşmaklaryna hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek arkaly halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.